Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

13 Maý 2024
397

Ady dünýä dolan beýik Pyragy

Ýakynda şeýle at bilen Mary şäherindäki 27-nji orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp edebi-sazly agşam geçirildi. Bu çärä welaýat baş bilim müdirliginiň, şol müdirligiň ýanyndaky hünär derejesini kämilleşdiriş okuw merkeziniň işgärleri, welaýatymyzyň dürli künjegindäki orta mekdepleriň mugallymlary, şahyrlar, kitaphanaçylar, söz sungatyna sarpa goýýan döredijilik işgärleri we okuwçylar gatnaşdylar. Çäräni mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Oguljahan Berdiýewa alyp bardy.