Men agşam hor çekdimmi?

10 Maý 2024
336

Ir­den tu­rup iň köp so­ral­ýan so­rag­la­ryň bi­ri hem «Men ag­şam hor çek­dim­mi?». Hor çek­mek ýy­gy-ýy­gy­dan duş gel­ip, hor­la­ma­gyň nä­hi­li ýag­daý­da, nä­dip eme­le gel­ýän­di­gi hem­me­ler üçin gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Çak edi­li­şi­ne gö­rä, ulu­la­ryň 45 gö­te­ri­mi wag­tal-wag­tal, 25 gö­te­ri­mi yzy­gi­der­li hor çek­ýär. Hor çek­mek sag­lyk bi­len bag­ly ýag­daý­my? Eý­sem, hor­la­ma­gyň öňü­ni alyp bol­ýar­my?

Hor­la­mak dem alyş ýo­lu­ndaky bö­lek­le­ýin päs­gel­çi­lik, bo­kur­da­gyň çiş­me­gi we myş­sa­la­ryň gow­şa­ma­gy se­bäp­li ýü­ze çyk­ýar. Ho­wa ýo­ly pe­tik­le­nip, aň­sat­lyk bi­len dem alyp bol­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li, dem al­nan­da bo­kur­dak­da tit­re­me dö­räp, hor­rul­dy­ly ses eme­le gel­ýär. Hor­la­mak ada­myň hem özü­ne, hem-de tö­we­re­gin­dä­ki­le­riň dynç al­şy­na tä­sir ed­ýär. Hor çek­ýän adam­da er­te­si gün ýa­daw­lyk ala­mat­la­ry bi­len bir­lik­de, kel­la­gy­ry, be­den­de kä­bir agy­ry­lar ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çy­kyp bi­ler.