5-nji maýda Panamada geçirilen Prezident saýlawlarynda «Maksadyňa ýet» we «Alýans» bileleşiginiň dalaşgäri Hose Raul Mulino sesleriň 98,57 göterimden gowragyna eýe bolup, ýurduň täze Prezidenti boldy. Bu barada ýurduň saýlaw kazyýetiniň web sahypasynda mälim edildi. Saýlawçylaryň 34 göterimi, ýagny Panamanyň 769 müňden gowrak raýaty Hose Raul Mulino ses berdi.
Ikinji orunda «Başga ýol» hereketiniň başlygy Rikardo Lombano gelip, saýlawçylaryň 25 göterimden gowragynyň sesine eýe boldy. Panamanyň öňki Prezidenti Martin Torrihos bolsa, sesleriň 15,84 göterimi bilen üçünji orny eýeledi. Saýlawlara gatnaşyk 76,7 göterime deň boldy. Mundan öň ýurduň Prezidenti wezipesini 2019-njy ýylda saýlanan Laurentino Kortiso ýerine ýetirýärdi.