Mahmal owazly bagşy

9 Maý 2024
514

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Bilim, saglyk, medeniýet işgärleriniň hem-de çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda welaýatyň bagşylary onuň belent adamkärçiligi, milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşan goşandy barada täsirli gürrüň berdiler. Bu ýerde guralan sergide milli saz gurallarymyz, bezeg şaý-seplerimiz, dessançy halypa bagşylaryň, şol sanda Akjagül Myradowanyň dürli ýyllarda düşürilen fotosuratlary görkezildi.

Gözel SETDAROWA,
Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň baş gaznaçysy.