Mertler Watany beýgeldýär

8 Maý 2024
434

Golaýda şeýle at bilen Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Mary şäher häkimliginiň ýygnaklar jaýynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, harby gullukçylar we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, şäheriň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Güýçmyrat Ahmedow, harby gullukçylar — kapitan Hemra Ýowyýew, uly leýtenant Merdan Muhadow, kiçi seržant Rahat Orazow, Şadurdy Aşyrow we Soltan Sanjar adyndaky 3-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň harby okuwçysy Didar Akylow çykyş etdiler. Çykyş edenler duşuşyga gatnaşyjylary Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply urşunda gahrymançylyk görkezen gerçeklerimiziň beýik hormata mynasypdygyny, tylda galan mähriban enelerimiziň nusgalyk mekdep bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler.