Täsirli çäreler

8 Maý 2024
506

Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirip durýarlar. Şeýle duşuşyklaryň biri oba ýaşaýjylary bilen boldy. Oňa hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, lukmanlar gatnaşdylar.  Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda edýän taýsyz tagallalary hakynda buýsançly gürrüň edildi. Şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgesi, ýaramaz endiklerden daşda durmak barada giňişleýin durlup geçildi.

Çykyş edenler halkymyzy nurana ýoldan aýdyň geljege alyp barýan  Gahryman Arkadagymyza,   Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

Resul ATAJANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.