Täze awtobuslar Murgabyň köçelerinde hereket edip başlady

8 Maý 2024
497

Mälim bolşy ýaly, 17-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Şol günki çäräniň resmi bölegi tamamlananyndan soň döwlet Baştutanymyz şanly waka mynasybetli Mary welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze ýolagçy awtobuslarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Mary welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze hem döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüniň ýetirilendigine aýratyn ünsi çekmek gerek.