Watan gerçekleriniň hormatyna dabara

8 Maý 2024
426

Düýn Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, uruş weteranlary, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar, şolar bilen bir hatarda köp sanly harby talyplar gatnaşdylar.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäräniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýowuz uruş ýyllaryny başyndan geçiren adamlaryň gaýratlylygyny, edermenligini beýan edýän gymmatlyklar, frontdan iberilen hatlar, fotosuratlar görkezildi.

Begli ABDYKADYROW.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.