Beýik akyldaryň belent sarpasy

7 Maý 2024
411

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» Kararyna laýyklykda ýurdumyzda hem daşary ýurtlarda degişli çäreler yzygiderli geçirilýär. Beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetine giren, adamkärçiligi, watançylygy, halallygy wagyz edýän baý edebi mirasyny ýaýbaňlandyrmak boýunça geçirilýän işler giň gerime eýe bolýar.

Bu ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreler geçirilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary, dürli döredijilik çärelerini, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, onlaýn tertipde ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Ýakynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiiň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralarynyň, birnäçe halkara çäreleriniň geçiriljekdigini belläp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy. Şol dabaralaryň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat bar.

Hallybagt ORAZOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.