Ýeňiş baýramy — parahat durmuşa çagyryş

7 Maý 2024
425

Her ýylyň 9-njy maýynda eziz Watanymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy uly dabara bilen bellenilýär. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary hatyralap gurlan «Baky şöhrat» ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirilýär. Milli gahrymanlaryň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» atly kitaplarda ebedileşdirilip, nesiller üçin mertligiň, watanperwerligiň nyşany bolup hakydalarda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, baýramyň öň ýanynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryna baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar. Geçen asyryň ýowuz urşunda söweşip, maşgala ojagyna dolanyp gelen weteranlaryň, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň, uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlarynyň şol döwür baradaky beren gürrüňleri esasynda döredilen çeper eserler, çeper filmler bolsa hiç haçan könelmeýär. Şirin janyny gurban eden millionlarça adamyň edermenligi, atasyz galan çagalaryň ykbaly, ýanýoldaşlarynyň yzynda galyp, tylda zähmet çeken zenanlaryň ýowuz durmuş synagy, ogullaryndan jyda düşen eneleriň gözýaşy siňen şol eserlerde birnäçe halkyň unudylmaýan mukaddes hakydasy şöhlelenýär. Bu hakyda biziň edermenligiň nyşanyna öwrülen şol ezizleriň hatyrasy bilen ölçenilýär. Ine, eýýäm 79 ýyl bäri bu mukaddes hatyra şol «ýalynly ýyllar» diýlip atlandyrylýan döwrüň gahrymanlary bilen soňky nesilleriň arasyndaky mukaddes arabaglanyşygyň baş nokadynda durýar.

Aradan näçe ýyllar geçse-de, döwürler täzelenip, nesiller ýetişse-de, ýaşlar hemişe Beýik Ýeňşi gazanan, eziz Watany, il-güni, ýakynlary üçin şirin janyny gaýgyrman söweşen gerçekleriň öňünde özlerini borçly duýýarlar. Aslynda, ol borç Watany jandan söýmek, il-halka wepaly bolmak, ýagşylygyň, ynsanperwerligiň, deňligiň, adalatyň, parahatçylygyň dabaralanmagy üçin hyzmat etmek borjudyr, ol borç bolsa, hemişe mukaddesdir. «Jeň, uruş» sözlerini dile almagy hem halamaýan türkmen halkynyň gerçek ogullary ýakynlary bilen «Toýa barýarys» diýip, hoşlaşyp, Watany goramakda edermenlik görkezdiler.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».