Goja esgere baýramçylyk sowgatlary

7 Maý 2024
373

Şu günler 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri uruş weteranlarydyr uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň döwletli ojaklarynda bolup, olary şanly sene bilen gutlaýarlar hem-de hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk sowgatlaryny gowşurýarlar. Şeýle duşuşyklaryň biri-de Kaka etrabynyň Gozgan obasynyň ýaşaýjysy uruş weterany Ata Tutlykowyň döwletli ojagynda geçirildi.

Pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan Ata aganyň 99 ýaşy arka atandygyny bellemelidiris. Urşuň gazaply söweşlerine gatnaşan Ata aga berkarar Watanymyzyň taryhy ösüşlerine guwanýar, buýsanýar. Döwletli ojagyndaky çaý başyndaky gürrüňdeşlikde hem ol ajaýyp döwrümiziň gadyr-gymmaty, eşretli durmuşymyz barada ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.