Berjaý edilmeli düzgünler

6 Maý 2024
388

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän eýeçiliginiň görnüşine garamazdan binalardyr desgalarda we olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine örän ünsli bolmalydygyny ýatladýar.

Binalaryň üçekleriniň girelgelerinde, ammarlarda, önümçilik ýa-da edara goşlary saklanýan jaýlarda päsgelçilik döredijileri goýmak, şeýle hem üçek jaýlarynda dürli goşlary we ýanyjy çig mallary saklamak gadagandyr. Üçekleriň we ýerzeminleriň girelgelerini açyk goýmak kada laýyk däldir. Işjeň ýagdaýdaky elektrik enjamlary, gurallary we elektrik kabul edijileri gözegçiliksiz galdyrmaly däldir. Otaglary ýeňil tutaşýan, ýanyjy suwuklyklar bilen arassalamak ýangyn howpuny döredip biler. Näsaz we döwlet ülňülerine gabat gelmeýän dürli elektrik gyzdyryjy, goraýjy enjamlary ulanmaga ýol bermeli däldir. Döwlet ýangyn gözegçiligi bilen ylalaşylmadyk ýerlerde dürli elektrik gyzdyryjy enjamlaryny ulanmak, ýeňil tutaşýan ýanyjy suwuklyklary, şeýle hem beýleki ýangyn howply çig mallary saklamak gadagandyr. Ýerli häkimlikler, Döwlet ýangyn gözegçiligi bilen ylalaşmazdan, jaýlary özbaşdak täzeden üýtgedip gurnama işlerini meýilleşdirmek we binadyr desgalary gurmaga rugsat berilmeýär. Edaranyň çäginde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we raýatlaryň wagtlaýyn ýaşamagyna ýol bermek, binalarda we olaryň çäklerinde çilim çekmek, açyk ody, şemleri, şeýle hem feýerwerkleri, pirotehniki önümleri saklamak we peýdalanmak gadagandyr.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.