Talyp ýigitleriň bäsleşigi: şowhun, çekeleşik, taplanyş

6 Maý 2024
416

Ýagty geljek bu günki ýaş nesilleriň elinde. Olar hünär eýeleri bolup, abadan türkmen jemgyýetinde öz mynasyp orunlaryny tapmaly. Şonuň üçin-de, ilkinji nobatda, olara ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Talyp ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan we paýtagtymyzdaky Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-sy gatnaşdy.

«Nesil».