Sen bar diýip jahanda (Durmuş we biz)

6 Maý 2024
354

Dünýäniň ähli barlygy ynsan üçin ýaradylan. Ol Ýaradanyň eradasy bilen hasyl bolupdyr. Beýik Biribar bize ýürek berip, içine söýgi, rehim-şepagat salypdyr. Göz berip, ýagşyny görmegimizi, gulak berip, mylaýym owazlary diňlemegi, aýagymyzyň diňe oňat ýerlere ätlemegini... buýrupdyr. Töweregimizdäki baglar, daglar, güller, ot-çöpler biziň huzurymyzda. Bu barlyklar keýpimiziň çag, bedenimiziň sagdyn bolmagyna ullakan goşant goşýar. Beýik Biribara: «Ýaradyjy», enelere bolsa: «Dörediji» diýýärler. Sebäbi eneler topraga meňzeş. Topraga düşen tohumy synlap bilmesegem, ýerden ýokary galyp başlanda görüp bilýäris. Gämikler ilki hiç eýikmeýär. Oňa ideg gerek. Gün, howa, suw zerur. Edil şol ejizje ösüntgi ýaly, dünýä inen çaga-da ene mähri zerur. Ene balasyny mähir bilen gurşaýar. Ak süýdünden gandyrýar, ähli zatdan goraýar. Perzendini dürli howplardan goramalydygyna göz ýetirende, enelerde gaty uly güýjüň peýda bolýandygy barada okanym ýadyma düşýär. Dünýä täsinlikleriniň arasynda balasyny goramak üçin, özünden ýüzlerçe esse uly agyrlygy göteren ene barada eşidipdim.

Enäniň süýji sözlerini, mähirli bakyşlaryny başga hiç zat bilen çalşyp bolmaýar. Onuň üçin biz ulalsagam çaga, garrasagam juwan görünýäris. Gazetde okan tymsallarymyň biri wagtal-wagtal ýadyma düşýär: «Üçegi düzetmek üçin ogly jaýyň üstüne çykýar. Ene eli ýyly eşikli aşakda garaşyp dur. Onuň serinde: «Balam üşeýändir, ynha, syrkawlar» diýen gorky bar. Ýogsa onuň balasy eýýäm epeý adam. Ol bolsa... wah, jigerbentler eneleri şeýdip ýüpsüz baglaýarlar».

Aýna GELDIMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.