Mertler baky ýaşaýar

3 Maý 2024
426

Welaýat çagalar kitaphanasynyň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Mertler kalplarda baky ýaşaýar» atly edebiýat agşamy geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki 39-njy çagalar bakja-bagynyň körpeleri we şäherimizdäki 21-nji orta mekdebiň mugallymlary, okuwçylary gatnaşdylar.

Edebiýat agşamynyň başynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, gazaply uruş ýyllarynda ata Watanymyzyň asudalygy üçin öz janlaryny gurban eden mertler kalplarda baky ýaşaýar. Gazaply ýyllaryň azaplaryny gerdenlerinde çeken, häzirki wagtda gazanan ýeňişleriniň datly miwelerini görüp ýaşaýan uruş weteranlary, tylda zähmet çekenler we olaryň nesilleri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar. Watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasyny görkezen gahryman gerçeklerimiz hemişe ýagşylykda ýatlanar.

Aýna MINÝAŞAROWA,
welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.