Mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

3 Maý 2024
406

Ak bugdaý etrabyndaky 33-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bilim bölüminiň hem-de degişli edaralaryň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp geçirilen duşuşyga ýaş mugallymlar, ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

Duşuşykda jemgyýetimizde ýaşlaryň orny, olaryň bilimli, hünärli, giň gözýetimli, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi, şeýle-de «Aragatnaşyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary düşündirildi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak barada durlup geçildi.

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.