Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlandy

3 Maý 2024
536

Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi. Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan söhbetdeşlige kitaphana işgärleridir okyjylary gatnaşdy.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlige gatnaşanlar, ilki bilen, muzeýiň sergi zalyna aýlanyp gördüler. Türkmen topragynyň şan-şöhratly taryhyndan söhbet açýan gymmatlyklar ýakymly täsirleri galdyrdy.

Altyn ÝAZGULYÝEWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.