«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

3 Maý 2024
374

Tejen etrabyndaky 27-nji orta mekdepde «Şygyrlaryň ömre mekdep, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen etrabyň orta mekdepleriniň halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagyndaky söhbetdeşlik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, döredijiligi, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, dostluk temadaky goşgularynyň many-mazmuny barada söhbet açdylar. Täze taryhy döwrümizde şahyryň edebi mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmakda babatdaky tagallalar hakda aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Leýli ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hünärmeni.