Täsirli geçen duşuşyk

3 Maý 2024
369

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap geňeşiniň guramagynda esgerleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk sagdyn durmuş ýörelgeleri barada boldy. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ata Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülendigi, sporta uly üns berilýändigi, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport  bilen meşgullanmaklary üçin ähli oňaýly şertleriň döredilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, geljekde hakyky watançy, ynsanperwer, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Mukam ÇÜRIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap geňeşiniň başlygy.