PSŽ-niň 12-nji çempionlygy

3 Maý 2024
321

Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da PSŽ möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 3 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. 31-nji tap­gyr­da aşa­ky orun­lar­da bar­ýan «Le Hawr» to­pa­ry­ny ka­bul eden PSŽ 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ren go­ly esa­syn­da ýeň­liş­den ha­las bol­dy. Du­şu­şyk­da 3–1 öňe saý­la­nan «Le Haw­ryň» der­we­ze­sin­den ha­sa­by deň­län gol­la­ry Bar­ko­la (28), Ha­ki­mi (78) hem-de Ra­muş (90+5) ge­çir­di. 2-nji ýer­dä­ki «Mo­na­ko­nyň» myh­man­çy­lyk­da «Li­on­dan» Ben Ýed­de­riň gol­la­ry­na gar­şy­lyk La­ka­zett, Ben­rah­ma hem-de Fo­fa­na­nyň gol­la­ry bi­len 3–2 ýe­ňil­me­gin­den soň PSŽ çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Bu pa­riž­li­le­riň bas­syr 3-nji, umu­my­lyk­da-da 12-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, PSŽ ka­tar­ly işe­wür­le­riň sa­tyn al­ma­gyn­dan soň 10-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. 2011-nji ýyl­da ka­tar­ly işe­wür­le­riň eýe­çi­li­gi­ne ge­çen PSŽ şon­dan bä­ri di­ňe 3 ge­zek çem­pi­on­ly­gy baş­ga klub­la­ra — 2012-nji ýyl­da «Mon­pe­lie», 2017-nji ýyl­da «Mo­na­ko» hem-de 2021-nji ýyl­da-da «Lill» to­par­la­ry­na al­dyr­dy. Ýur­duň iň köp çem­pi­on bo­lan klu­by PSŽ 1986-njy we 1994-nji ýyl­lar­da-da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy.

Çem­pio­na­tyň 31-nji tap­gyr­ynda 9 go­luň ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyn­da «Brest» myh­man­çy­lyk­da «Renn» to­pa­ry­ny Bra­sie­niň 90+7-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 5–4 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di.