Ýene-de 4 utuk galdy

3 Maý 2024
332

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Re­al Mad­rid» myh­man­çy­lyk­da «Re­al So­sie­da­dy» Ar­da Gü­le­riň 29-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Rea­la» çem­pi­on­lyk üçin 4 utuk ýe­ter­lik bo­lar. 2-nji ýer­dä­ki «Bar­se­lo­na» Le­wan­dows­ki­niň het-trik eden oý­nun­da «Wa­len­si­ýa­ny» 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. «Wa­len­si­ýa­nyň» der­we­ze­çi­si Ma­mar­daş­wi­li­niň 1-nji ýa­ry­myň ahy­ry­nda gy­zyl kart alan oý­nun­da Le­wan­dows­ki 49-njy, 82-nji we 90+3-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­lan­dy. 3-nji ýer­dä­ki «Ži­ro­na» myh­man­çy­lyk­da «Las Pal­mas­dan» 2–0 üs­tün çyk­dy. 4-nji ýer ug­run­da gö­reş­ýän «At­le­ti­ko» bi­len «At­le­ti­giň» ara­syn­da­ky oýun­da mad­rid­li­ler 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, ara­ta­pa­wu­dy 6 utu­ga çy­kar­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da «He­ta­fe­den» 3–1 ha­sa­byn­da utu­lan «Al­me­ri­ýa» 2 ýyl­dan soň ýe­ne-de 2-nji li­ga do­lan­dy.

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on «Ba­ýer» bu tap­gyr­da-da 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ren go­ly bi­len ýeň­liş­den ha­las bo­lup, ýeň­liş­siz­lik se­ri­ýa­syny 46 du­şu­şy­ga ýe­tir­di. «Ştut­gart» bi­len du­şu­şan le­wer­ku­zen­li­ler myh­man­la­ryň 2–0 öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. «Ba­wa­ri­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da Keý­niň gol­la­ry bi­len «Aýnt­rah­ty» 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da «Le­ip­sig» öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­rus­si­ýa Dort­mun­dy» 4–1 ha­sa­byn­da utup, 4-nji or­na ymyk­ly or­naş­dy. «Haý­den­haým­dan» 1–0 ha­sa­byn­da utu­lan «Darmş­tadt» to­pa­ry­nyň «Bun­des­li­ga­da» baş­dan­ge­çir­me­si ta­mam­la­nyp, ol tä­ze möw­süm­de «Bun­des­li­ga 2»-de çy­kyş eder.