«Arsenalyň» çempionlygyny londonlylar kesgitlär

3 Maý 2024
288

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on­lyk ug­run­da gö­reş alyp bar­ýan to­par­lar­dan «Ar­se­nal» De­mir­ga­zyk Lon­don der­bi­sin­de, myh­man­çy­lyk­da «Tot­ten­ham» bi­len du­şuş­yp, 1-nji ýa­rym­da Hýoý­ber­giň (ö.d.), Sa­ka­nyň hem-de Ha­wert­siň gol­la­ry esa­syn­da 3–0 öňe saý­lan­dy. 2-nji ýa­rym­da 2 gol ge­çi­ren «Tot­ten­ham» kö­ne bäs­de­şi­ni oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da al­jy­rat­sa-da, «Ar­se­nal» çem­pi­on­lyk ýo­lun­da­ky bu kyn der­bi­ni ýit­gi­siz geç­me­gi ba­şar­dy. Myh­man­çy­lyk­da «Not­tin­gam Fo­res­ti» Gwar­di­ol we Ho­lan­nyň gol­la­ry esa­syn­da ýe­ňen «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry 1 oý­ny az «Ar­se­na­lyň» sö­bü­gi­ni ba­syp, 2-nji ýer­de bar­ýar. «Ar­se­na­lyň» 35 oýun­da 80, «Man­çes­ter Si­ti­niň» 34 oýun­da 79 utu­gy bar. «Ar­se­nal» ga­lan 3 tap­gyr­da öz meý­dan­ça­syn­da «Born­mut», myh­man­çy­lyk­da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» hem-de Lon­don­da «Ewer­ton» bi­len du­şu­şar. «Man­çes­ter Si­tiniň» bol­sa ga­lan 4 du­şu­şy­gy­nyň 3-si Lon­don klub­la­ry bi­len bo­lar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, Lon­donyň klub­la­ry­nyň «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry­nyň gar­şy­sy­na gör­kez­jek oý­ny Lon­do­nyň «Ar­se­na­ly­nyň» çem­pi­on­ly­gy­ny kes­git­lär. «Man­çes­ter Si­ti» in­di­ki tap­gyr­da «Wul­wer­hemp­to­ny» ka­bul ede­nin­den soň myh­man­çy­lyk­da «Ful­ham» bi­len du­şu­şar. 34-nji tap­gy­ryň gal­dy­ry­lan du­şu­şy­gy­na-da Lon­don­da «Tot­ten­ham» bi­len oýun ge­çir­jek «Man­çes­ter Si­ti» möw­sü­mi öz meý­dan­ça­syn­da «West Ham» bi­len jem­lär.

19 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän «Man­çes­ter Si­ti­niň» tä­lim­çi­si Pep Gu­ar­dio­la APL-de 300-nji du­şu­şy­gyn­da 221-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy (41 deň­lik, 38 ýeň­liş). Ol bu gör­ke­zi­jä iň çalt ýe­ten tä­lim­çi bol­dy. Şol san­da Gu­ar­dio­la APL-de bir klub­da iň köp du­şu­şyk ge­çi­ren 4-nji tä­lim­çi bo­lup, on­dan öň­de Ar­sen Wen­ger (828), Aleks Fer­gu­son (810) hem-de De­wid Mo­ýes (427) bar.