Moto GP boýunça möwsümiň 4-nji ýaryşy Ispaniýanyň Herez şäherinde geçirildi. Şäheriň adyny göterýän 4,4 kilometrlik trassada geçirilen ýaryşda «Ducati Lenovo» toparynyň italýan sürüjisi Françesko Banaia ýeňiş gazandy. Soňky 2 ýylyň çempiony 25 aýlawdan ybarat ýaryşy 40 minut 58,053 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 20-nji ýeňşidir. Ýaryşda «Ducati Gresini Racing» toparynyň ispan piloty Mark Markes ýeňijiden 0,372 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýeledi. Dünýäniň 6 gezek çempiony Mark Markes 558 günden soň ilkinji gezek ýeňiş münberine çykdy. Bäsleşikde «Pertamina Enduro» toparynyň italiýaly sürüjisi Marko Bezekki 3-nji orna mynasyp boldy.
Moto GP-de geçirilen 4-nji ýaryşdan soň ispaniýaly Horge Martin 92 utuk bilen öňdeligini saklap gelýär. 2-nji ýere beýgelen Françesko Banaianyň 75, 3-nji orundaky Enea Bastianiniň 70 utugy bar. Ispaniýaly Pedro Akosta bilen Mawerik Winýales 69 we 63 utuk toplap, 4–5-nji orunlary paýlaşýarlar.