Nä­me üçin gi­jä gal­ýa­rys?

3 Maý 2024
284

Ha­la­ma­ýan en­dik­le­ri­mi­zi taş­la­mak we özü­mi­zi kä­mil­leşdir­mek is­le­sek-de, köp­lenç öz-özü­mi­zi ter­bi­ýe­le­me­gi yza süý­şür­ýä­ris. Şeý­le hem me­ýil­leş­dir­ýän et­sem-pet­sem­le­ri­mi­zi şu gün et­män, er­ti­re goý­ýa­rys. Er­ti­riň hem bir ba­ha­na­sy ta­py­lyp, edil­me­li iş­ler soň­ky gün­le­re gal­ýar. Kä­te dos­tu­myz ýa-da jo­ra­myz bi­len çaý ba­şyn­da di­dar­laş­mak üçin wagt bel­leş­ýä­ris, em­ma oňa-da gi­jä gal­ýa­rys. Kä­te bol­sa, öý­den çy­kyp, how­lu­gyp du­ral­ga gel­ýä­ris, ýö­ne bu ge­zek hem aw­to­bu­sa ýe­tiş­meýäris. Umu­man, köp­lenç ha­lat­da en­di­ge öw­rü­lip gi­den gi­jä gal­mak­ly­gyň se­bä­bi nä­me? Nä­me üçin et­me­li zat­la­ry­my­zy yza süý­şü­rip, tä­ze zat­la­ry öw­ren­mek­de, bir işi ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de gi­jä gal­ýa­rys?

Hä­zir­ki dö­wür­de köp adam­da gi­jä gal­mak do­wam­ly me­se­le ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. Mu­nuň bir­nä­çe se­bä­bi bo­lup, esa­san, bio­lo­gik ýag­daý­lar we durmuş en­dik­leri bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Bi­ler­men­ler gi­jä gal­ýan adam­la­ryň duý­gu­la­ry­ny do­lan­dyr­mak­da we düz­gün­leş­dir­mek­de do­wam­ly kyn­çy­lyk çek­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar­lar.