Sa­çy­ňy 2 ge­zek şam­pun­la­mak ze­rur­my?

3 Maý 2024
551

Aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý et­mek sag­lyk üçin peý­da­ly­dyr. Eliňi wagt­ly-wag­tyn­da sa­byn­lap ýuw­mak, ota­gy­ňy we egin-eşik­le­ri­ňi aras­sa sak­la­mak, şeý­le hem sa­çy­ňa ideg et­mek şah­sy aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­dir. Köp adam sa­çy­ny her gün ýuw­ýan bol­sa, kä­bir adam hep­de­de iki-üç ge­zek ýu­wa­ny­ny kem gö­re­nok. Şam­pun saç üçin yg­ty­bar­ly aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si bo­lup, sa­çy­ňa gö­rä or­ta­ça de­re­je­de ulan­ma­ly. Köp­ler sa­çy­ny iki ge­zek şam­pun­la­ýar. Kä­bir adam bol­sa, sa­çy­ny bir­nä­çe ge­zek kö­pür­jik­le­dip ýu­wa­nyn­dan soň, sa­çy­nyň has owa­dan gö­rün­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Eý­sem, sa­çy­ňy nä­çe ge­zek şam­pun­la­ma­ly­dy­gy ba­ra­da pi­kir­le­nip gör­dü­ňiz­mi?

Sa­çy­ňy iki ge­zek şam­pun­la­mak köp ada­myň ulan­ýan usu­ly bol­sa-da, bu usu­lyň nä­de­re­je­de ta­kyk­dy­gy we ýal­ňyş ta­rap­la­ry ba­ra­da der­ma­to­log­lar şeý­le mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler.