Hasap ýöretmek irki döwürlerde ýüze çykyp, şol wagtlar Gadymy Müsürde, Rimde we Hytaýda dürli görnüşli kalendarlar bolupdyr. Gündogarda Aýyň Ýeriň daşyndan aýlanmagyna esaslanyp, hijri-kamary ýyl senenamasy ýöredilen bolsa, Günbatarda Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagyna esaslanýan Grigorýan senenamasy ulanylypdyr. Bu senenamalar biri-birine meňzeş hem bolsa, hepdeleriň bölünişi, aýlar babatda tapawutlanypdyr. Aý we Gün senenamalaryndan başga-da, Rim, Gezer, Berber, Jelali senenamasy ýaly ýyl hasaplary hem dürli halklarda ýörgünli bolupdyr.
Kalendaryň ösüşi we kämilleşmegi Gadymy Müsür siwilizasiýasyndan gözbaş alýar. Müsürlileriň iň gadymy senenamasynda ýyl 3 möwsüme – ýagyş ýagmasy (suw joşmasy), ekin ekiş we hasyl ýygnamak möwsümlerine bölünipdir. Müsürlilerden soň wawilonlylar hem her aýy 29,5 günlük, käte 1 gün gysgalýan 354 günlük senenamany işläp düzýärler. Häzirki zaman senenamanyň düýbi miladydan öňki 46-njy ýylda Ýuliý Sezar tarapyndan taýýarlanýar we ulanyşa girizilýär. Ýuliýan senenamasy atly bu kalendary imperator Awgust miladydan öňki VIII asyrda gaýtadan işläp düzýär we kämilleşdirýär. Şeýlelikde, milady senenamasy 12 aýa bölünip, hersine mahsus at goýulýar. Milady aýlarynyň näme üçin ýanwar, fewral, mart... diýlip atlandyrylandygy barada pikir edip gördüňizmi? Geliň, häzirki wagtda ulanýan ýyl hasabymyzdaky aý atlarynyň manysy bilen tanyş bolalyň!