175 ýurda wekilçilik edýän gepleşiklere gatnaşyjylar Kanadanyň paýtagty Ottawada ýygnanyp, ummanlaryň we howanyň plastik bilen hapalanmagyna garşy göreş boýunça global şertnamany baglaşmaga gönükdirilen gepleşikleri geçirdiler. Alymlaryň aýtmagyna görä, häzirki wagtda plastik bilen hapalanma dag gerişlerinden başlap, ummanlaryň jümmüşine çenli planetamyzyň ähli künjegine, hatda, adamzadyň biologik çäklerine hem aralaşyp ugrady.
– Biz plastik bilen hapalanmakdan azat bolan geljegi gurmak üçin zerur çäreleri we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze şertnamany baglaşmagy maksat edinýäris – diýip, BMG-niň howandarlygynda geçirilen gepleşiklere ýolbaşçylyk eden Luis Waldiweso aýtdy.