Bütindünýä fotografiýa guramasy tarapyndan guralan «Sony World Photography Awards 2024» bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi. Bäsleşigiň baş baýragyna Grenlandiýa baradaky dokumental işi üçin fransiýaly suratçy Žýulett Pawi eýe boldy.
«Ýylyň açyk fotosuratçysy» baýragyna Şotlandiýada Aý dogan wagty dron bilen düşürilen meşhur Storr dagynyň suraty üçin Liam Men eýe boldy. «Ýylyň ýaşlar fotosuratçysy» ugrundan berilýän baýraga bolsa, Angliýanyň Nýukweý şäherinde düşüren serfingçiniň suraty üçin Deniel Mýurreý mynasyp boldy.