Binýady geçmişde bolan buýsançlarymyzyň beýany

3 Maý 2024
255

Änew me­de­ni­ýe­ti­niň ta­ry­hy kök­le­ri dog­ru­syn­da söh­bet aça­ny­myz­da, il­ki bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň iň tä­ze ýü­ze çy­ka­ry­lan ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry özün­de sak­la­ýan «Änew – müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­ta­by­nyň örän uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Bu ki­tap­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant go­şan türk­men hal­ky­nyň be­ýik me­de­ni mi­ra­sy we onuň ta­ry­hy esas­la­ry dog­ru­syn­da düýp­li we yl­my esas­ly gür­rüň ed­ýär. Se­bä­bi döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, bu ki­ta­byň ýa­zyl­ma­gy­na dün­ýä bel­li ar­heo­log­la­ryň, ta­ryh­çy­la­ryň we olar bi­len bi­le­lik­de iş­leş­mek bag­ty mi­ýes­ser eden Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ren gür­rüň­le­ri­niň uly ýar­dam be­ren­di­gi­ni nyg­ta­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ki­ta­byn­da: «Bil­ýä­ni­ňi paý­laş­dy­gyň­ça, bi­le­lik­de baý­laş­ýar­syň» di­ýip bel­le­ýär. El­bet­de, dün­ýä­niň ösüş­le­ri­niň iler­le­me­gi­ne my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ma­gy ba­şa­ran hal­kyň, mil­le­tiň ta­ry­hy buý­sanç­la­ry dog­ru­syn­da bil­ýän mag­lu­mat­la­ry­ňy bil­me­ýän­ler üçin el­ýe­ter­li et­mek örän so­gap­ly iş­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, Ga­dy­my Änew adam­zat ta­ry­hyn­da­ky mö­hüm mer­kez­le­riň bi­ri­dir.