«Huawei» kompaniýasy bäsdeşi «Apple»-den öňe geçip, hytaý bazarynda iň köp telefon satýan brend boldy. «Canalys» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu kompaniýa «Pura 70» seriýasyna degişli telefonlara bolan islegiň ýokary bolmagy bilen smartfon bazaryndaky ornuny berkitdi. Ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda jemi 67,7 million telefon satylyp, şonuň 11,7 millionyny «Huawei» smartfonlary emele getiripdir. Şeýlelikde, ýerlenen telefonlaryň 17 göterimi bu kompaniýa degişli bolupdyr. «Huawei»-iň satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 70 göterim artypdyr. Birnäçe ýyldan bäri Hytaýda iň köp smartfon satýan kompaniýa bolan «Apple»-iň satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 25 göterim azalyp, bäşinji orna düşüpdir. Şeýlelikde, kompaniýanyň bazardaky paýy 20 göterimden 15 göterime düşüpdir. «Oppo» ikinji, «Honor» üçünji we «Vivo» dördünji bolupdyr.
Laçyn Aşyrowa,