Türk­me­nis­tan – TÜRK­SOÝ: me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze nus­ga­sy

3 Maý 2024
205

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Tür­ki döw­let­le­riň ara­syn­da­ky me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry has-da pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da giň ta­gal­la ed­ýän Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy 2023-nji ýyl­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2024-nji ýy­ly «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» di­ýip yg­lan et­di. Şeý­le hem bu gu­ra­ma ta­ra­pyn­dan

2024-nji ýylda «Tür­ki dünýäsiniň me­de­ni paý­tag­ty» hök­mün­de ga­dy­my Änew şä­he­ri saý­la­nyp alyn­dy.