Türkmeniň uçar ganaty

1 Maý 2024
354

28-nji aprelde ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk dabaralary bolsa Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guraldy. Ir bilen bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Şanly sene mynasybetli ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow ajaýyp baýramyň hormatly myhmany boldy. Bu ýerde guralan ak öýler, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary, pälwanlaryň tutluşyklary dabara türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Şol gün dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi we olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler. Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1200 metr aralyga geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Ýelogly atly bedewi pellehana ilkinji bolup geldi. Ikinji çapyşygyň menzili hem 1200 metr bolup, çapyşykda bedewler ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Garaýel atly bedewi birinji gelmegi başardy. Bedewleriň ýurdumyzyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1200 metr aralyga bäsleşen üçünji çapyşygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli Dorsekil atly bedew, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga guralan dördünji çapyşykda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Menzil atly bedewi birinji gelmegi başardy. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirilen bäşinji çapyşykda 1600 metr aralyga güýç synanyşan bedewleriň arasynda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Şägirt II diýen dor aty, oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga guralan altynjy çapyşykda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Begzada atly dor aty pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy.

«Aşgabat».