Hepdäniň habarlary

1 Maý 2024
385

Maslahat geçirildi
TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň Daşoguz şäher häkimligi hem-de şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy döwürde belent maksatlary» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ugurlary babatda gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Jemgyýetimiziň abadançylygy, gülläp ösüşi, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlar, ýurdumyzyň bagtyýar geljegi bolan ýaşlar barada döwlet derejesinde edilýän aladalar, tagallalar dogrusynda nygtaldy.
Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Täsirli çykyşlar Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary bilen utgaşdy.

* * *