Halypa hatyrasy

1 Maý 2024
353

Sada göwünli alym
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halal zähmeti sarpalamak halkymyzyň asylly ruhy-ahlak ýörelgesine öwrüldi. Ýurdumyzda ylym-bilim, hünär öwretmekde döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli amatly şertler döredilip, ussat halypalaryň asylly kärine döwlet derejesinde uly hormat-sarpa goýulýar. Halypa äpet bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Halkymyzda «miweli daragt» düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi halypa-şägirtlik mekdebi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen dünýäsinden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Ata-babalarymyzyň «Şägirt bolmadyk halypa-da bolmaz», «Görümiň näme bolsa, göreldäň şol» diýip belleýişleri ýaly, halypa islendik kärde-de zerurdyr. Men hem şu ýerde öz halypam, zehinli türkmen alymy, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň daşary ýurtly agzasy bolan halypa mugallym Oraz Söýünow barada aýdasym gelýär.
Bitiren işleri nusga edilmäge, asylly hyzmatlary ýatlanylmaga, hatyrasy belent tutulmaga mynasyp Oraz Söýünow 1945-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda dünýä inýär. Ol 1963-nji ýylda orta mekdebi, 1971-nji ýylda bolsa häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa bölümini tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. 1971 — 1977-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynda ylmy işgär bolup işleýär. 1977-nji ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde zähmet çekdi. 2002 — 2004-nji ýyllarda uniwersitetiň garamagyndaky Ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň direktory wezipesinde zähmet çekdi. Ol 1975-nji ýylda Aşgabatda kandidatlyk, 1991-nji ýylda bolsa Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýän zoologiýa institutynda doktorlyk dissertasiýalaryny üstünlikli goraýar. 1994-nji ýylda Oraz Söýünowa professorlyk ylmy ady berildi. Halypa alym 2010-njy ýylda Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň daşary ýurt agzalygyna saýlanýar.
Ol mylaýym, ýöne örän talapkär adamdy. Oraz Söýünowyň ýazan gollanmalaryny, alyp baran ylmy işlerini häzirki wagtda hem ulanýarys. Çünki gollanmalaryň dili örän ýeňil, sözleri sadadan düşnükli ýazylan, edil Oraz aganyň özi ýaly diýsem, öte geçdigim bolmaz. Halypa Oraz Söýünow ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň inçe tärlerini öwretmek bilen, şol işleriň alnyp barlyşyna ýadaman-ýaltanman özi işjeň gatnaşyp, gözegçilik ederdi we wagtynda ýerine ýetirilmegini talap ederdi.
Hawa, Oraz Söýünow köp okaýan, bilýän zatlaryny gysganman öwredýän şeýle sahy göwünli adamdy. Gadymy akyldarlarymyz «Alymyň gowusy öz bilýänini özgelere öwretmäge gysganmaýan alymdyr» diýip belleýärler. Halypa pikir alyşmagy, maslahatlaşmagy, soraşmagy hiç haçan özüne kiçilik bilen adam däldi.
Halypa alym Oraz Söýünow 230-a golaý ylmy işleriň, şol sanda 2 monografiýanyň, 8 sany okuw kitabynyň, 15 sany ylmy-amaly hödürlemeleriň awtorydyr. Professor işjeň awtorlaryň biri hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji we üçünji neşirleriniň döredilmegine ýakyndan gatnaşdy. Tanymal alymyň ylmy-amaly işleri oba hojalyk entomologiýasy we ösümlikleri goramak ugurlary bilen pugta baglanyşykly bolup, ol bu ugurlar boýunça öz ylmy mekdebini döretmegi başardy. Meşhur alym öz şägirtleri bilen bilelikde döwletimizde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda we ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmekde uly işleri ýerine ýetirdi. Oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy utgaşdyrylan göreş usulynyň ylmy taýdan düýpli esaslandyrylan nusgasyny işläp düzüp, ony önümçilige ornaşdyrdy.
Halkymyzyň baý milli mirasyny, medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmaga, halypa-şägirt ýörelgesini kämil derejede dowam etmäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Bahar ÝUSUPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň ösümlikçilik kafedrasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.