Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk binýady

1 Maý 2024
279

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 404-nji maddasy ýurdumyzyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçilik barlagyny we gözegçiligini edýän edaralaryň sanawyny kesgitleýär. Olaryň hatarynda kärdeşler arkalaşyklary guramalary, şeýle hem olaryň garamagynda durýan zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklar hem göz öňünde tutulan.
Kodeksiň 406-njy maddasyna we «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, kärdeşler arkalaşyklary guramalary iş berijiler we olaryň wekilleri tarapyndan zähmet hakyndaky kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik barlagynyň we gözegçiligiň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar; zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak üçin kärdeşler arkalaşyklary guramalary we olaryň birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler. Olara bolsa TKA-nyň Milli merkezi tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamalarda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklar berilýär; ýurdumyzyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýaşaýyş jaý, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy, ilaty durmuş taýdan goramak we ilaty iş bilen üpjün etmek hakynda kanunçylygyň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmaga we ýüze çykarylan hukuk bozulmalaryň aradan aýrylmagyny talap etmäge kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň hukuklary bardyr.
Kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň ýurdumyzyň zähmet hakyndaky kanunçylygynyň iş berijiler tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik etmäge; zähmet şertleri we kärhanada işgärleriň howpsuzlygynyň üpjün edilişi barada garaşsyz seljerme geçirmäge; zähmet şertleriniň we zähmetiň goralyşynyň ýagdaýy hakynda, kärhanalaryň ýolbaşçylaryndan we beýleki wezipeli adamlaryndan maglumat almaga; zähmet kanunçylygynyň ýüze çykarylan bozulmalaryny düzetmek hakynda iş berijä hökmany garamaly bolan görkezmeleri bermäge; zähmeti goramagyň köpçülikleýin şertnamalarda (ylalaşyklarda) göz öňünde tutulan şertleriniň ýagdaýyny barlamaga; önümçilik desgalaryny we önümçilik serişdelerini synamak we ulanmaga kabul etmek baradaky toparlaryň işine garaşsyz bilermen hökmünde gatnaşmaga; zähmeti goramak baradaky kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamak we olar boýunça ylalaşmak işine gatnaşmaga; zähmet kanunçylygynyň, köpçülikleýin şertnamalarda (ylalaşyklarda) bellenen borçnamalaryň bozulmagy, şeýle hem zähmet şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly zähmet jedellerine garamaga gatnaşmaga haky bardyr.
Şeýle döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeleri bilen ynamly işlemekde özleriniň güýç-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar.

Begenç REJEPOW,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi.