Geljege uzaýan nurana ýollar

1 Maý 2024
317

Türkmenistan döwletimiz geografik taýdan örän amatly sebitara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan bina bolan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen  birinji tapgyry açylan Arkadag şäheri, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde gurlan, dünýä derejesine laýyk gelýän awtoýollar, awtobanlar, üstaşyr köprüler, yşykly çatryklar, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, awtoduralgalar we beýleki desgalar göreni haýrana goýýar. Welaýatlarda ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary bolan obadyr şäherçeler döredilip, täze ýollar, köprüler, medeni-durmuş maksatly binalar gurulýar.

Serdar ETREKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.