Giň dünýäniň geň habarlary

1 Maý 2024
321

Ähli zat ekologiýa üçin

Halkara energetika agentliginiň maglumatyna görä, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna tebigy gurşawa zyýan berýän galyndylaryň mukdary ýylyň-ýylyna kemelýär. Soňky wagtda dünýä boýunça halk hojalygynda «ýaşyl ykdysadyýete» geçmäge we elektromobillere bolan aýratyn ünsüň güýçlenmegi energetika ulgamyndaky galyndylaryň 1,1 göterim azalmagyna öz täsirini ýetirdi. Emma muňa garamazdan, 2023-nji ýylda bu görkezijiniň 37,4 milliard tonna ýetendigi hasaba alyndy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.