Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

1 Maý 2024
402

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, ynsan saglygy babatyndaky atalyk aladalary bilen ýurdumyzyň saglyk ulgamynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Halkymyzyň bagtyýar zamanada ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň sagdyn jemgyýetde kemala gelmegi ugrunda bimöçber alada edilýär. Munuň şeýledigine eziz Diýarymyzyň her bir künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän saglyk merkezleridir hassahanalar dolulygyna şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, çagalaryň saglygyny dikeltmekde ençeme işler ýola goýulýar. Has takygy, 2021-nji ýylyň martyndan bäri Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalar, bejergi üçin zerur bolan lukmançylyk kömekleri edilýär, galyberse-de, döwrebap lukmançylyk enjamlary satyn alnyp, ulanylmaga berilýär. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalara dürli görnüşli sowgatlaryň berilýändigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle alnyp barylýan beýik işleriň, taýsyz tagallalaryň netijesinde çagalaryň göwni şat, durmuşa bolan höwesi ýokary bolýar. Çünki, eziz çagalara berilýän goldaw her bir zatdan möhümdir.

Ýakynda gadymy Mary topragynda welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durky täzelenip, ulanylmaga berilmegi, onuň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi ýokarda agzanlarymyza güwä geçýär. Şeýle-de, merkezde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Diolog+” kysymly emeli böwrek enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi ähli ildeşlerimizi, diýseň, begendirdi. Mundan başga-da, merkeziň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, çaganyň sagdyn dünýä inmegi, enäniň saglygynyň gözegçilikde saklanmagy, olaryň ikisiniň-de saglykda maşgalalaryna sag-aman gowuşmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda ynsan saglygy, ýaş nesillerimiziň sagdyn kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan beýik işlerden habar berýär.