Ýeňiji topar sylaglanyldy

25 Aprel 2024
196

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryşynda baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň wekilleri, «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri hem-de ýokary okuw mekdepleriň talyplary gatnaşdylar.

Baky AMANÝAZOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň uly leýtenanty.