Aşgabatdaky hokkeý ýaryşy

25 Aprel 2024
188

«Galkanyň» ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy

Şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirildi. Onuň Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlanmagy bolsa ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň mynasyp miwelerini berýändiginiň, türkmen türgenleriniň ýokary sportda barha kämilleşýändikleriniň aýdyň güwäsine öwrüldi.