Üstünlikli geçen sport ýaryşy

24 Aprel 2024
174

Merjen paýtagtymyz hemişe dünýäniň nazarynda. Geçen hepde ak şäherimiz sport jemgyýetçiliginiň ünsüni has-da özüne çekdi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda iri sport baýramçylyklarynyň merkezine öwrülýän ajaýyp Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirildi.

Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara federasiýalardyr assosiasiýalaryň türkmen paýtagtyna ünsüni gönükdirmeginiň esasy sebäpleri Aşgabadyň ajaýyp sport industriýasy we ýaryşlary ýokary derejede geçirip bilijilik aýratynlygydyr. Soňky 15  ýylyň içinde paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşlaryň sany 20-den hem geçýär. Olaryň arasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika, Kuraş boýunça dünýä çempionatlary we beýleki has iri ýaryşlar hem bar. Geçen hepdede geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryş bolsa bu iri sport baýramçylyklarynyň mynasyp dowamyna öwrüldi.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.