Ussadyň kämillik mekdebi

24 Aprel 2024
161

Danalar aýtmyşlaýyn: «Durmuş ynsana niýetine görä nesibe, düşünjesine görä netije we yhlasyna görä ykbal bagyş edýärmiş». Çärjew etrabynyň Jendi geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Batyrjan Hojakulyýew hem şu babatda bagty çüwenleriň biri.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe fakultetinde ýokary bilim alan Batyrjan Hojakulyýew indi 30 ýyla golaý wagtdan bäri sambo, söweş sambosy we dzýudo boýunça ýaşlara halypalyk edýär. Türkmen sportunyň şanyny dünýäde şöhratlandyran pälwanlarymyz Gülnara Haýytbaýewa, Nasibjan Izbasarow, Kambar Omarow, Wepa Awlýakulyýew, Zyba Orunowa, Gülfiýa Jumaýewa, Begenç Baltaýew, Gaýrat Zaripow, Marat Orazow, Döwlet Hemrakulyýew dagy hem onuň mekdebini geçen ussatlardyr. Olaryň yzyny basyp gelýän ýaş zehinler hem barmak büküp sanardan kän.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.