Aşgabatdaky hokkeý baýramçylygy: dostluk ruhy we täze ýeňişler

22 Aprel 2024
187

Başlangyçlar hemişe ýakymly, hoşlaşyklar hemişe tolgundyryjy. Biziň kärimiz bolan žurnalistikanyň aýratyn taraplarynyň biri bir ömre şeýle pursatlaryň ençemesini bagyşlaýanlygynda. Her bir iş sapary, şaýat bolnan her bir dabara, birnäçe güne çekýän halkara forumlar, bäsleşikler, sport ýaryşlary we beýlekiler ýakymly başlangyçlar bilen başlanyp, tolgundyryjy hoşlaşyklar bilen jemlenýär. Hokkeý boýunça geçen hepdäniň dowamynda paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryş hem diňe özüm ýa kärdeşlerim üçin däl, oňa şaýat bolan her bir ildeşimiz üçin şeýle duýgulara beslendi. Ýaryşyň türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlanmagy bolsa bu duýgularyň iň täsirlisidi...

Hawa, buzly ýaryş Aşgabatda ýene-de ýürekleri birleşdirdi. Ilki paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasyna, ol ýerden hem Gyşky oýunlar sport toplumyna ýygnanan 10 döwletiň wekilleri buzly oýnuň gyzygyna siňip, asyl-ha, dostlugyň, ruhubelentligiň, tejribe alyşmagyň ýeňiş gazanan halkara ýaryşyna şaýat boldular. Siz gazetimizde yzygiderli ýetirip duran habarlarymyz arkaly ýaryşyň nähili geçendigini bilýänsiňiz. Bu ýazgylarymyz bolsa onuň tolgundyryjy pursatlaryndan kalpda galan ýakymly täsirler esasynda döredi.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Surata düşürenler Dörtguly MYRATGULYÝEW, Maksat GYLYJOW, Hasan MAGADOW.