Bedew meýdanda belli

22 Aprel 2024
209

Balkanabat şäherindäki Balkan atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary uly ruhubelentlige beslendi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden gamyşgulak bedewleriň 60-a golaýy gatnaşdy.

Gyzykly we täsirli geçen ilkinji çapyşykda üçýaşar bedewler 1200 metr aralykda güýç synanyşdylar. Onda Perhat Allaberdiýewiň hojalygyna degişli Mizan diýen dor ata taý tapylmady. Ol bu aralygy 1 minut 32,5 sekuntda geçmegi başardy. Üçýaşar bedewleriň arasynda geçirilen ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralyga guraldy. Janköýerleriň şowhuny astynda geçen bu aýlawda 1 minut 30,7 sekunt netije görkezen Dorsakar pellehana birinji gelmegi başardy. Ol Gurbanmuhammet Germangulyýewiň hojalyk atydyr. Üçünji çapyşyga üçýaşar atlaryň 10-sy gatnaşdy. Onda Arslan Täzäýewiň Aýbike atly aty seýislerdir çapyksuwarlaryň tamasyny ödäp, öňdeligi eýelemegi başardy. Dördünji çapyşyk dört we uluýaşar bedewleriň arasynda geçirilip, ol 1400 metr aralygy öz içine aldy. Çapyşykda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mazmun diýen aty pellehana 1 minut 50,5 sekuntda ilkinji bolup gelmegi başardy. Bäşinji we altynjy çapyşyklarda, degişlilikde, Seýitguly Tülegenowyň Dagýyldyz, Seýitmuhammet Orazmuhammedowyň Körpe atly bedewleri öňdeligi eýelediler.

(Öz habarçymyz).