«Galkan» – hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çempiony

21 Aprel 2024
140

Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş türkmen türgenleri üçin diýseň şowly boldy. Ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary üstünlikli çykyş etdi.

Türkmen topary ýaryşyň «A» toparçasynda çykyş edip, özüniň toparçalaýyn tapgyrdaky ähli oýunlaryny ýeňiş bilen jemledi. «Galkan» birinji tapgyrda «Bahrain Ice Hockey Club» toparyny 8:1, ikinji tapgyrda «Oman Nationals» klubuny 15:1, üçünji tapgyrda «Ice Box Iran Mall» toparyny 13:1, dördünji tapgyrda bolsa «Feniksi» 9:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, «Galkan» 12 utuk bilen «A» toparçada birinji orny eýeläp, ýaryşyň finalynda oýnamaga hukuk gazandy.

Nazarmyrat NAZAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.