«Galkan» — hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ýeňijisi

21 Aprel 2024
298

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda, has takygy, 15-20-nji apreli aralygynda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş ýokary derejede üstünliklere beslenip geçirildi. Halkara ýaryş Garaşsyz döwletimiziň sport babatdaky mümkinçiliklerini bu ugurda gazanan nobatdaky üstünligi bilen dünýä ýüzüne ýene-de bir gezek subut etdi.

Aziýanyň we Ýewropanyň toparlarynyň onusynyň gatnaşmagynda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» toparynyň ýeňiji bolmagy biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyryp, göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy bölegini düzýän «Galkan» toparynyň hokkeýçileriniň halkara ýaryşa örän netijeli taýýarlyk görmekleriniň netijesinde bu üstünlik 20-nji aprelde final duşuşykda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň «ADIHIC-Kazan» toparyny 4:2 (1:1, 0:1, 3:0) hasabynda ýeňmek bilen gazanyldy.

Taýýarlan Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».