Tejribe. Bäsdeşlik. Dostluk

18 Aprel 2024
252

Düýn Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşda 3-nji tapgyryň duşuşyklary boldy. Duşuşyklar Türkmenistanyň «Galkan», Özbegistanyň «Feniks», Belarusuň «Wolat» we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparlarynyň nobatdaky ýeňişlerine beslendi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary Gyşky oýunlar sport toplumyny dolduran ýüzlerçe janköýerine ýene-de ýeňiş sowgat etdi. Ilkinji iki duşuşygynda-da «Bahreýn» we «Oman Nationals» toparlaryny uly hasaplar bilen ýeňen «Galkan» düýn Eýranyň «Ice Box» toparyndan hem 13:1 hasabynda üstün çykdy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.