Döwlet HYDYROW, Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň oýunçysy:

18 Aprel 2024
212

— 15-nji aprelde, Aşgabat şäherinde geçýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ilkinji gününde «Galkan» bilen «Bahrain Ice Hockey Club» ýygyndy toparlarynyň arasynda duşuşyk boldy. Biziň ýygyndy toparymyz 8:1 hasabynda üstün çykdy. Şol oýunda 1 şaýba salmagy başardym.

Pursatdan peýdalanyp, biz türgenlere uly mümkinçilikleri döredip berýän sportuň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýygyndymyzyň adyndan, şeýle-de öz adymdan çäksiz sagbolsunymyzy aýdýaryn.