Ýedi oýun — ýedi ýeňiş

18 Aprel 2024
222

Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynda gyzykly duşuşyklar dowam edýär. Geçen ýylyň çempiony — «Arkadag» toparyna bu ýyl hem üstünligini gaýtalamaga mümkinçilik uly görünýär. Ony güýçli toparlara garşy geçirýän oýunlaryndan, gazanýan netijelerinden hem bilmek mümkin.

13-nji aprelde Marynyň «Energetigine» myhman bolan arkadaglylar 7-nji tapgyryň duşuşygyny 7 jogapsyz gol bilen jemlediler. Oýunda D.Durdyýew bilen Ş.Tirkişow iki gezek, I.Tamurkin, W.Ballakow, A.Annadurdyýew dagy bolsa bir gezekden tapawutlandylar. Yzygiderli ýeňişleri bilen utuk sanawyndaky ornuny berkidýän «Arkadag» çempionlyk ugrundaky göreşde ynamly ilerleýär. Çempionatda köp tapawutlanan oýunçylaryň sanawynda-da bu topara wekilçilik edýän futbolçylar agdyklyk edýärler.

(Ýörite habarçymyz).