Türkmenistan — sport ýurdy

15 Aprel 2024
276

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe we spor­ty ös­dür­mek­de uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň aý­dyň my­sa­ly hök­mün­de ýet­gin­jek tür­gen­le­riň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­la­ry gör­kez­mek bo­lar. Şeý­le du­şu­şyk­la­ryň bi­ri Te­jen et­rap be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň gu­ra­ma­gyn­da Te­jen şä­he­rin­dä­ki sport mek­de­bin­de ge­çi­ril­di. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gyn­da ýaş tür­gen­le­ri­mi­ze be­den­ter­bi­ýäniň we spor­tuň yn­sa­nyň fi­zi­ki taý­dan ukyp-ba­şar­ny­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da, ça­ga­nyň ça­la­syn­ly­gy­ny, çe­ýe­li­gi­ni ös­dür­mek­de ber­ýän tä­si­ri ha­kyn­da gür­rüň be­ril­di. Sport ada­myň di­ňe bir fi­zi­ki taý­dan däl, eý­sem onuň edep­li we ter­bi­ýe­li bo­lup ýe­tiş­me­gin­e hem oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bu ba­bat­da my­sa­llar ar­ka­ly ber­ki­di­lip edi­len gür­rüň­deş­lik du­şu­şy­ga gat­na­şan ýaş­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.